Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti mugallymlary işe çagyrýar

MilliInfo

24 Ýanwar, 2026

Mugallym bolup zähmet çekmek hakynda arzuw edipmidiňiz? Onda bu arzuwyňyzy durmuşa geçirmek üçin hereket ediň!

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti mugallymlary işe çagyrýar. Uniwersitet 2026-2027-nji okuw ýylynda ykdysadyýet we dolandyryş, kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, matematika, himiýa, fizika, taryh, psihologiýa, bedenterbiýe, binagärlik hem dizaýn, agronomçylyk ugurlary boýunça, şeýle-de iňlis dilinden mugallymlaryň bäsleşik esasynda işe çagyrylýandygyny yglan etdi.

Bu ýerde sapaklary iňlis dilinde okatmak başarnygy talap edilýär.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 185-nji jaýy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info