Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde 14 kafedra, 42 tejribehana hereket eder

MilliInfo

25 Awgust, 2025

Ýurdumyzyň ilkinji döwlete dahylsyz ýokary okuw mekdebinde — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri hem-de bularyň düzümine girýän 14 kafedra we 42 sany tejribehana hereket eder. Bu barada 23-nji awgustda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda ýokary okuw mekdebiň rektory Hydyrguly Kadyrow belledi.

Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrmak bilen, bu ýerde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, önümçilik-işewürlik kärhanalary we kompaniýalary bilen bilim-ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, ussat hünärmenleriniň sapak bermek işi ýola goýlar. Okuwlar, esasan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Bu babatda ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat telekeçileriň we işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri ýola goýlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo