Düýn — 27-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
...Forum başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar.
Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli möhüm meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Sport-amaly itçilik federasiýasynyň tälimçisi, kinolog-gözükdirijisi, Akdost atly türkmen alabaýynyň tälimçisi Mariýa Haýrullina çykyş edip, Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlady. Hünärmen çykyşynda Akdost atly alabaýa tälim bermek bilen bagly tejribesini paýlaşdy hem-de onuň asylly häsiýetleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň birnäçe ugurlar boýunça ýaryşlarda çempion bolmagy alabaýlaryň genetiki hem-de düşbülik taýdan örän güýçlüdigini görkezýär.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasyndan hususy itşynas An Jinlong tohumyň ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, onuň arassa ganlylygyny saklamagyň, baş sanyny köpeltmegiň meseleleri boýunça esasy ugurlaryň kesgitlenilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady.
Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatyndaky «Guardian dog» merkeziniň müdiri, hususy itşynas Ýekaterina Rekowski çykyş etdi. Itşynas ýolbaşçylyk edýän merkezinde türkmen alabaýlarynyň saklanylýandygyny belläp, bu ugurda öz tejribesini paýlaşdy hem-de türkmen hünärmenleri bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan etdi.
Assosiasiýanyň agzasy, Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň aw we ýabany tebigat bölüminiň professor lukmany Murat Kibar sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.
Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Türkiýe Respublikasyndan «VetAssist» weterinariýa anyklaýyş we bejeriş merkeziniň müdiri Ahmet Gürhan Aýdynoglu we Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy boýunça hünärmeni Wei Huakai sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler.

