Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş institutynyň hem-de Laurea Amaly Ylymlar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Çäre göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
Bu resminama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, sanly bilim tehnologiýalary, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taraplaryň arasynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, halkara tejribäni alyşmak we innowasion başlangyçlary goldamak üçin täze mümkinçilikler açylar.
Gol çekişlik dabarasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, bilim we ylym ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Gazanylýan bu oňyn netejileriň ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimi ösdürmegiň 2026—2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
