Halypa hatyrasy: Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Ata Akbäbäýewiň zähmet ýoluna bagyşlanan ýatlama çäresi geçirildi

MilliInfo

18 sagat öň

Ýakynda Mary şäherindäki iňlis dilini we ynsanperwer ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan «Ata Akbäbäýew — halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi» atly ýatlama çäresi geçirildi. Çäräni Mary welaýatynyň Baş bilim müdirligi gurady.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar halypa mugallymyň ömrüni, zähmet ýoluny we döredijilik mirasyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar. Şeýle hem onuň manyly ömrüne bagyşlanan «Halypa ýadygärligi — ýüreklerde ýaşaýan hormat» atly wideorolik görkezildi.

Dabarada çykyş edenler Ata Akbäbäýewiň ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly yz galdyran ussat pedagogdygyny, onuň baý iş tejribesiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan öwrenilip, ýurdumyzyň mekdeplerine giňden ýaýradylandygyny bellediler. Şeýle hem onuň metbugatda çap edilen makalalarynyň, öňe süren usuly teklipleriniň hem-de 1988-nji ýylda okuwçylary bilen türkmen teleýaýlymynda geçiren nusgalyk sapagynyň giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolandygy nygtaldy.

Çykyşlarda Ata Akbäbäýewiň türkmen dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlaryna hem ýokary baha berildi. Onuň 1991-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygy, «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly ada, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna eýe bolandygy barada aýratyn bellenip geçildi. Şeýle hem halypanyň orta mekdepler üçin türkmen dilinden okuw kitaplarynyň, «Türkmen dilinden usuly gollanma», «Mährem mugallym», «Mukaddes ojak» ýaly usuly kitaplaryň hem-de barlagnamalaryň awtorydygy tassyklanyldy.

Çäräniň dowamynda Mary welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Atageldi Annaseýidow, Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň müdiri Muhammetguly Bekiýew, halypa mugallymyň egindeşi Muhammetberdi Annageldiýew, kärdeşleri Durdymyrat Şamyradow we Nurmuhammet Kadyrow, şeýle hem Hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri Akmyrat Kiçikulyýew, okuwçysy we şägirdi Gylyçmuhammet Joraýew, ogly Kemine Akbäbäýew hem-de agtygy Nurmuhammet Allanow dagy çykyş etdi.

Mary şäherindäki iňlis dilini we ynsanperwer ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň müdiri Muhammetguly Bekiýew öz çykyşynda Ata Akbäbäýewiň halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirýän şägirtleriň neslini kemala getirendigini aýtdy. Şeýle hem ol ussat mugallymyň maşgala agzalarynyň, şol sanda agtyklarynyň hem mugallymçylyk ýoluny dowam etdirýändiklerini buýsanç bilen belledi.

Zehinli mugallymyň şol çärede çykyş eden ogly Kemine Akbäbäýew we agtygy Nurmuhammet Allanow bütin ömrüni çagalara hem mekdebe bagyşlan halypanyň hatyrasynyň şeýle belent tutulýandygyny buýsanç bilen tassyklap, munuň üçin özlerini bagtly saýýandyklaryny beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň gözbaşynda duran Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk sözleri belentden ýaňlandy.

Ýatlama çäresi ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Ata Akbäbäýewiň okuwçysy, syýasaty öwreniji.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info