«Haýwanlar şäheri 2» («Зверополис 2») «Walt Disney Animation» kompaniýasynyň taryhynda iň köp girdeji getiren multfilm boldy. Onuň gazanan girdejisi 1,46 milliard dollara ýetdi. Mundan ozal bu rekord 1,45 milliard dollar girdeji gazanan «Doňan ýürek 2» («Frozen 2») multfilmine degişlidi.

Häzirki wagtda «Haýwanlar şäheriniň» režissýorlary Jared Buş we Baýron Howard multfilmiň üçünji bölümini (trikwelini) taýýarlaýarlar.

Ýeri gelende bellesek, «Haýwanlar şäheri 2» multfilmiň asyl nusgasynyň ilkinji görkezilişinden 10 ýyl soň ekrana çykdy. Sýužetiň merkezinde haýwanlaryň şäherinde derňew işlerini alyp barýan mekir tilki we çakgan towşan durýar.
Bu multfilm tamamlanan ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda görkezildi. Täsirli multfilmi «Belet Film» platformasyndan hem tapyp bilersiňiz.