Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şol döwürden bäri gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işleri netijesinde howandarlyga mätäç çagalara degişli kömek-goldawlar berildi.
Gaznanyň 5 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Dabaranyň dowamynda sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany okaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara «Arkadag» medalyny gowşurdy.
Soňra dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan we beýleki dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.
Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
«Biz mundan beýläk-de çagalaryň bagtyýar we ýagty geljegi üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekmäge taýýardyrys. Bu işleriň häzirki döwürde türkmen jemgyýetinde birek-birege goldaw bermek, raýdaşlyk we agzybirlik ýörelgelerini has-da pugtalandyryp, jemgyýetimiziň jebisliginiň berk binýadyny emele getirjekdigine ynanýarys» diýip, O.Atabaýewa belledi. Ol gaznanyň işine goldaw berýän ähli watandaşlarymyza, hyzmatdaşlara hem-de dostlarymyza çuňňur hoşallygyny beýan edip, hemmeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem O.Atabaýewa olara şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
«Gaznanyň alyp barýan asylly işi bitewüligiň, duýgudaşlygyň nusgasydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda gaznanyň Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan we çagalaryň sagdynlygynyň, sazlaşykly ösüşiniň, abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işleri giň gerime eýe boldy. Ýaş nesiller hakyndaky alada durnukly hem-de sazlaşykly geljegiň kepilidir, parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, asylly işleriň rowaçlanýan geljegine tarap ugurdyr. Halkymyzyň mätäje kömek goluny uzatmak, goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelerinden ruhlanyp, haýyr-sahawat gaznasynyň Esaslandyryjysy — Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda haýyrly işlerimizi dowam etdireris. Biz bir toprakda ýaşaýandygymyzy, çagalaryň ýerleşýän ýerlerine garamazdan, olaryň biz üçin ýokary gymmatlykdygyny hiç haçan unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem ynanyşmak we özara düşünişmek köprülerini gurmak arkaly çagalaryň nurana geljegi ugrunda bilelikde tagalla ederis. Çünki parahat durmuş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşiniň baş şertidir» diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bilen dowam etdi. Şanly waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan konsertde teatr artistleriniň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, çagalar tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly edebi kompozisiýasy täsirli pursatlara baý boldy. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspnamasyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertiniň dowamynda milli aýdym-sazlar bilen birlikde, daşary ýurtlaryň dünýä belli eserleriniň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.