9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi.
«Awaza» toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjy döwletleriň wekiliýet Baştutanlaryny mähirli garşylady. Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Hazar ekologiýa sammiti öz işine başlady.
Döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerini Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şu günki waka aýratyn ähmiýete eýedir. Hazaryň ekologiýa meselesi aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alyp maslahatlaşmaga çykaryldy. Meniň pikirimçe, munuň özi Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň ýokary jogapkärçilik derejesini görkezýär, emele gelen ýönekeý bolmadyk ekologiýa ýagdaýyny düzetmek, durnuklylaşdyrmak hem-de kadaly ýagdaýa getirmek üçin yzygiderli, toplumlaýyn, wagt babatynda çäklendirilmedik çäreleri hem-de tagallalary görmegiň zerurdygyna göz ýetirilýändigini tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ilkinji bolup Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürmek hem-de onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak bilen, şeýle ýörelgelerden ugur alandygyny belläp, ähli Hazarýaka döwletlere ýurdumyzyň başlangyjyna düşünýändikleri hem-de goldaýandyklary we onuň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň meseleleri boýunça Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topary döretmek baradaky teklibi goldaýarys. Bu topar hakyky ylmy maglumatlar esasynda suwuň peselmegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy durmak boýunça ylalaşylan çäreleri işläp taýýarlamaly hem-de teklip etmeli diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu wezipäni gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin tabşyryk bermegi teklip etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň ýanynda alymlardan, bilermenlerden, hünärmenlerden hem-de bäş ýurduň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklipleri doly goldaýandygyny hem-de toparyň işine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz bäştaraplaýyn gurallaryň döredilmeginiň, hökümet we pudaklaýyn edaralar derejesinde utgaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň, beýleki ähmiýetli hem-de zerur bilelikdäki tagallalaryň esas goýujy resminamalara — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklara esaslanmalydygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu resminamalara hem-de çözgütlere ygrarlydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatynyň üstünlikli geçendigini belläp, onuň dowamynda möhüm çözgütleriň, şol sanda hyzmatdaşlygyň bu formatynyň çäklerinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça bilelikdäki işlere degişli çözgütleriň kabul edilendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şunuň bilen birlikde, bäştaraplaýyn görnüşde netijeli çäreleriň kabul edilmegi bilen bir hatarda, halkara düzümler bilen anyk işleriň geçirilmegini ýola goýmagyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ähli Hazarýaka döwletleriň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary goldamak babatynda BMG-niň düzümleri, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.
Hazarýaka döwletleriň jebisligi biziň esasy güýjümizdir. Bu jebislik köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, deňze belent sarpa goýýan hem-de ony söýýän halklarymyzyň aýratyn Hazar ruhuna hem-de dünýägaraýşyna esaslanýar. Biz bu täsin deňzi parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi hökmünde gorap saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu gün bäştaraplaýyn dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, bu duşuşygyň möhüm mesele — Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi boýunça ulgamlaýyn netijeli işiň badalga nokady boljakdygyny, ekologiýa gün tertibiniň beýleki ugurlary boýunça dogry ýoly salgy berjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, Hazar ekologiýa sammitini hyzmatdaşlygyň hemişelik hereket edýän platformasyna öwürmegi teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Hazarýaka döwletleriň Prezidentlerine hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändikleri hem-de bilelikdäki işe taýýardyklary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Hazar deňziniň gurşawyny goramak we ondan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy hem-de dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ruhundaky çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hazar deňzi biziň umumy baýlygymyzdyr we ol hemişe onuň kenarynda ýaşaýan halklary birleşdirýän parahatçylyk we ylalaşyk deňzi bolmalydyr. Hazar deňzinde biziň umumy maksatlarymyz bar. Onuň serişdelerini, özboluşly biologik köpdürlüligini gorap saklamak hem-de artdyrmak şol maksatlaryň biridir. Şu günki forum hem bäştaraplaýyn tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu günki mejlisiň bu ugurdaky işlere itergi berjekdigine, anyk ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge, Hazar deňzinde ylalaşylan we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýany işläp taýýarlamak üçin mehanizmleri döretmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma işjeň we netijeli gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, Hazar ekologiýa sammitini ýapyk diýip yglan etdi.
Soňra Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Çözgüdine gol çekildi hem-de Hazar ekologiýa sammitinde Başlyklyk edijiniň Beýannamasy kabul edildi.
