«Hazar Logistik» HJ we owgan wekiliýeti söwda-logistika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

MilliInfo
«Hazar Logistik» HJ we owgan wekiliýeti söwda-logistika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Düýn — 5-nji awgustda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatdaky ofisinde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Söwda we maýa goýum edarasynyň agzalary bolan senagatçylardan hem telekeçilerden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada hojalyk jemgyýetiniň Instagram sahypasynda habar berildi.

Duşuşyk dostluk ruhunda geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň esasy meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky logistik we üstaşyr ugurlary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri bilen owgan tarapynyň arasyndaky açyk we netijeli dialog işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegini kesgitlemäge mümkinçilik döretdi. Bu ýerde gazanylan ylalaşyklar uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýadyna öwrüler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info