Paýtagtymyzda geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumyna «Hazar Logistik» kompaniýasy hem wekilçilik etdi. Ähmiýetli forumyň «Ýewraziýa koridory: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi» atly üçünji bölüminde «Hazar Logistik» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Muhammet Sähedowyň çykyş etmegi asyrlaryň dowamynda söwda hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berip gelen ýurtlaryň işewürlik ulgamyndaky häzirki netijeli gatnaşyklarynyň görkezijisine öwrüldi.
«Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy taýdan Türkmenistanyň ýüreginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar. Biz bu başlangyçlara diňe bir logistik taslama hökmünde däl, eýsem, ykdysady integrasiýanyň täze eýýamy hökmünde garaýarys» — diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy belledi.
Mundan başga-da, bu ýerde 2020-nji ýylda esaslandyrylan «Hazar Logistik» kompaniýasy ulag-logistika pudagyndaky giň mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Ýeri gelende bellesek, «Hazar Logistik» gysga wagtyň içinde deňiz we awiasiýa gatnawlaryndan başlap, portlardaky çylşyrymly ýük dolanyşygy işlerine çenli — hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýän Türkmenistanyň bazaryndaky iň iri kompaniýalaryň birine öwrüldi. Hytaýdan Gazagystan we Özbegistan arkaly ýükleriň bökdençsiz eltilmeginiň üpjün etmegi, Ýewropa bazaryna çykalga açýan Türkiýe we Gruziýa ugurlary, Pars aýlagyndaky ornuny giňeltmek maksady bilen, Dubaýdaky şahamçasyny açmagy onuň ýakyn ýyllardaky iň möhüm strategik ädimleri boldy. Bu ýurtlaryň her birinde öz wekilhanalarynyň bolmagy kompaniýanyň ýoluň ähli böleginde ýüküň howpsuzlygyna kepil geçmäge mümkinçilik döredýär.
Hytaýda amala aşyrýan işleri-de öňdebaryjy logistika kärhanasynyň uly üstünligidir. Onuň Iu şäherindäki ýöriteleşdirilen şahamçasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketlendirijisine öwrüldi.
Bu işleriň netijeleri sanlarda hem aýdyň şöhlelenýär:
2025-nji ýylda kärhananyň Iudaky şahamçamyz arkaly 1 500 sany konteýner ugradyldy;
2026-njy ýylda eýýäm 2 000-den gowrak konteýner ugradyldy;
Ösüş depgini göz öňünde tutulyp, ýylyň ahyryna 5 000 konteýnerlik görkezjä ýetmek meýilleşdirilýär.
«Hazar Logistik» kompaniýasynyň professional derejedäki işi onuň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga doly taýýardygyny tassyklaýar. Multimodal gatnawlar boýunça tejribesi bolsa bu strategik taslama üçin ygtybarly daýanç bolar.
M.Sähedowyň «Hazar Logistik» kompaniýasynyň mümkinçilikleri hakyndaky çykyşy Türkmen-hytaý işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň üns merkezinden ornuny tapdy. Ähmiýetli forum öňdebaryjy logistika kärhanasy üçin geljegiň ähmiýetli taslamalaryna uzaýan ýolda netijeli meýdança öwrüldi.