27-nji oktýabrda Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.
Geňeşmeleriň barşynda häzirki zaman ählumumy we sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar babatyndaky pikirler alşyldy. Bu ýerde gatnaşyjylar howpsuzlyk, täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki howpsuzlyk hem-de täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar.

Bu ýerde öňdebaryjy tejribäni umumylaşdyrmagyň we seljermegiň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň maglumat howpsuzlygy babatynda ygtyýarly edaralaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine üns çekildi. Degişli ugurda daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de özara goldaw bermäge bolan meýil tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy.