Türkmenistanda täze iş hepdesi adaty bolmadyk maýyl howa bilen başlanar. Ýakyn günlerde uly ýagyna hem garaşylmaýar. Howanyň temperaturasy +20 gradusa çenli, hatda ondan hem az-kem ýokary bolar.
Aşgabatda az-kem bulutly howa bolar. Gündizine +18...+20 °С-den +19...+26 °С çenli bolar. Gijelerine +4...+6 °С-den +10...+12 °С çenli düşer.
Ahal welaýatynda açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizine +17...+20 °С-den +22...+27 °С çenli maýyl bolsa, gijelerine +2...+7 °С-den +8...+13 °С çenli salkyn howa bellige alnar.
Balkan welaýatynda wagtal-wagtal bulutly howa bolar. Gündizlerine +22...+27 °С maýyl, gijelerine bolsa +6...+11 °С-den +11...+14 °С çenli salkyn bolmagyna garaşylýar.
Mary welaýatynda açyk howa bolar. Gündizlerine howanyň temperaturasynyň +16...+21 °С-den +20...+25°С çenli, gijelerine bolsa +1...+6 °С-den +4...+9 °С çenli boljakdygy habar berilýär.
Lebap welaýatynda wagtal-wagtal bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Gündizlerine +15...+20 °С-den +19...+24°С maýyl, gijelerine –1...+4 °С-den +4...+9 °С çenli salkyn bolar.
Daşoguz welaýatynda bulutly, wagtal-wagtal bolsa açyk howa bellige alnar. Gündizlerine +12...+17 °С-den +16...+21 °С çenli maýyl howa bolar. Gijelerine bolsa howanyň temperaturasynyň –1...+4 °С-den +3...+8 °С çenli bolmagyna garaşylýar.
