Hepdelik howa maglumaty: güýzüň maýyl howasy şemalyň täsiri bilen utgaşar

MilliInfo

13 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +13 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +26 gradusdan +29... +31 gradus aralygynda maýyl bolar..

Ahal welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21... +26 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23...+28 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo