«Astana Hub» we «IT Park Uzbekistan» taraplarynyň «Draper University» bilen hyzmatdaşlykda hödürleýän «Hero Training» maksatnamasynyň bäşinji tapgyryna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygy yglan edildi. Şu ýyl maksatnamaga Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gruziýadan we Azerbaýjandan 11 startap gatnaşar.
Gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 7-nji martyna çenli kabul edilýär.
«Hero Training» — bu Kremniý jülgesinde işjeň taýýarlygy üpjün edýän, telekeçiler üçin niýetlenen bäş hepdelik okuw. Gatnaşyjylar 25–30 ýurduň bazarlaryna çykmak mümkinçiligini alýarlar, amaly sapaklary, strategik maslahatlary, maýadarlar bilen AMA-duşuşyklary (sorag-jogap duşuşyklaryny), öňdebaryjy telekeçileriň halypalygyndaky çäreleri geçýärler, şeýle hem netwoking-ýygnanyşyklaryna gatnaşýarlar.
Hero Training maksatnamasyna gatnaşmak üçin «MVP» (iň pes ýaşaýyş ukybyna eýe bolan önüm) we ondan ýokary tapgyrda işleýän önümi bolan tehnologik başlangyçlar arza tabşyryp bilerler. Maksatnama gatnaşyjylara taslamanyň ösüşini çaltlaşdyrmaga we «Draper Ecosystem» taslamasynyň telekeçileriniň hem-de bilermenleriniň ýolbaşçylygynda ABŞ-nyň bazaryna çykmaga taýýarlanmaga, şeýle hem halkara maýadarlarynyň we hyzmatdaşlarynyň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýär.
Aýratyn «Hero Training» akselerasiýa maksatnamasy we onuň birinji, ikinji, üçünji hem-de dördünji tapgyrlaryna gatnaşyjylar barada giňişleýin maglumaty astanahub.com platformasyndan alyp bilersiňiz.
«Draper Ecosystem» – bu innowasion ekoulgamy goldamak üçin öňdebaryjy fasilitatorlary we halypalaryň, pudaklaýyn bilermenleriň, hyzmatdaşlaryň hem-de maýadarlaryň deňsiz-taýsyz toruny hödürlemek arkaly zehinleri, bilermenleri we maýadarlary birleşdirmäge täzeçil çemeleşmedir.