«HIL» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň senagat pudagynyň öňdebaryjylarynyň arasyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Kärhana hyzmatlaryň doly tapgyryny — inžiniringden we taslamalaşdyrmakdan başlap, islendik çylşyrymlykdaky metal gurnamalaryny ýasamak hem-de gurnamak işlerine çenli amala aşyrýar. Ýokary takyklykdaky kebşirlemek işleri, ýük göteriji enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem elektrik torlary üçin ekstremal howa şertlerine durnukly metal sütünleri taýýarlanmagy kompaniýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hataryna girýär.
Önümçilik ugurlaryny dörebaplaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde «HIL» HJ ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Ýakyn wagtda kärhana senagat robot-kebşirleýjisi geler. Ol kebşirleýiş işlerini awtomatlaşdyrmaga, metal gurnamalarynyň ýygnalmagyny ep-esli çaltlandyrmaga we kebşirlenýän sepleriň ýokary hilli takyklygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Eýýäm kärhanada listli metallary kesmek üçin ulanylýan lazer enjamlarynyň hatarynyň üsti turbalary lazer arkaly kesýän täze ýöriteleşdirilen stanok bilen ýetirilýär. Mundan başga-da, kärhana turbalaryň ujuny giňeltmek üçin niýetlenen stanogy satyn alar. Bu bolsa önümçiligiň mümkinçiliklerini giňeldip, germetik birikmeleri, ýöriteleşdirilen turba geçirijilerini we çylşyrymly senagat enjamlaryny döretmek üçin turbalaryň ujuny bellenen diametr boýunça takyk görnüşe getirmäge ýardam eder.
Şeýle hem kompaniýanyň hünärmenleri lazer tehnologiýalary ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan «HSG Laser» brendiniň önümleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna ugradylýar. Saparyň maksady — geljekde «HIL» HJ-niň önümçilik ugurlarynda üstünlikli ulanyp boljak innowasion çözgütleri jikme-jik öwrenmekden ybaratdyr.
Baý amaly tejribä eýe bolan «HIL» kompaniýasy özara bähbitli hyzmatdaşlyga açykdygyny hem-de islendik çylşyrymlykdaky sargytlary halkara howpsuzlyk standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar.
Salgysy:
Mary welaýaty, Mary etraby, Mary — DES gara ýolunyň 3-nji kilometri
Telefon:
+993 (522) 1 45 30
+993 71 47 76 57
+993 64 31 09 09
Email:
