Hindi maýmynjyklary we tawuslary, iki örküçli düýeler: Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk sirk tomaşasyny hödürleýär

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrylan sirk çykyşyny hödürleýär.

Çykyşlaryň dowamynda türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýaýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mangoliýa döwletiniň «Baktrial» iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň «Pudel» güjüjekleriniň, Hindistanyň tawus guşunyň, Şatlandiýanyň «Poni» atlarynyň, masgarabazlaryňdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň hem-de Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabanyň bilen Garpamygyň täsin çykyşlaryny görüp bilersiňiz.

Sirk çykyşlary 20-nji dekabrdan 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwaryna çenli hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.

Giriş peteklerini «sirk.gov.tm» resmi web sahypasyndan onlaýn tertibinde satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info