«Mançester Sitiniň» norwegiýaly ýyldyzy Erling Holand öňümizdäki dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň oýunlarynda Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçesindäki adyny resmi taýdan üýtgetdi.
Holandyň köýnekçesinde indi diňe «Holand» däl-de, «Braut Holand» ýazgysy peýda bolar.
Bu üýtgeşiklikligi janköýerler Norwegiýanyň öňümizdäki Finlýandiýa we Moldawiýa bilen boljak oýunlarynda ilkinji gezek görüp bilerler.
Norwegiýanyň baş tälimçisi Stole Solbakken hem Holandyň bu karara näme üçin gelendigini bilmeýändigini aýtdy. Köýnekçesindäki harplaryň artmagy Holandyň köýnekçesini öndürýän hyzmatdaşlaryna has köp girdeji getirer.
Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze köýnekçesinde oýnamazdan öň, Holand «Mançester Siti» bilen ýekşenbe güni Premýer-Ligada «Braýtona» garşy guraljak duşuşykda hem meýdança çykar.