Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejeli myhmanlar bilen duşuşyklary — türkmen diplomatiýasynyň kämil nusgasy

MilliInfo

14 Dekabr, 2025

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezienti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30-ýyllyk baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Karlos Manuel Wila Nowanyň ýurdumyza saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany paýtagtymyz Aşgabatda mähirli mübärekledi we onuň bu ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny, dünýäde parahatçylygyň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýändigini görkezýändigini nygtady.

Dostlukly ýurduň Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini belledi hem-de dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Premýer-ministr Ali Asadowyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň gözel tebigatynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belläp, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de ermeni tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Afrika sebitiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu ýurtlaryň arasynda Eswatini Patyşalygyny aýratyn görkezmek bolar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So bilen duşuşdy.

Mýanmanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygyny, ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara forumyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi hem-de onuň netijeleriniň sebitde we dünýäde dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri türkmen topragynda geçiriljek maslahatyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasydygyny aýtdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çärelere gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň Günorta Aziýa sebitinde iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada pikir alyşmagyň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň netijeli ösüş häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler we ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, köpasyrlyk dostluga, taryhyň, medeniýetiň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletiň Lideri halkara forumyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekde hem bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň doganlyk Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Myhman hem-de ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimizi şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen gaz hem-de himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda oňyn tejribäniň toplanandygyny belledi, şeýle-de Türkmenistanyň himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, täze önümleri öndürmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Bo Hýony kabul etdi we işewüriň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info