+6-dan +30°С çenli maýyl howa ýagynyň hem ugruny üýtgedýän şemalyň täsiri bilen utgaşar

MilliInfo

13 Aprel, 2026

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hepdäniň sowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada habar berdi.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 15-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+10°С-dan +15...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +17...+19°С-dan +23...+25°С aralygynda maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7...+12°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+20°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7...+12°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13...+18°С maýyl bolar.

 Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8...+13°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +17...+22°С-dan +27...+32°С aralygynda maýyl bolar.

 Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 13-18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+20°С-dan +27...+32°С aralygynda maýyl bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 14-19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+18°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl bolar.

Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-15,0 mm bolmagyna garaşylýar. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info