Ýagşyň ýagmagyna, howanyň bolsa +26 gradusa çenli maýyl bolmagyna garaşylýar

MilliInfo

9 Fewral, 2026

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +3 gradusdan +8... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +10 gradusdan +22... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info