Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda, has takygy 23-nji fewral — 1-nji mart aralygynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
Paýtagtymyz Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+1°С-dan +6...+8°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7 gradusdan +16...+18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3 gradusdan +4...+9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10 gradusdan +19...+24 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3 gradusdan +4...+9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6...+11 gradus maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+4 gradusdan +5...+10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10 gradusdan +18...+23 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1 gradusdan +5...+10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9 gradusdan +21...+26 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-8 gradus sowukdan 0...+5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4 gradusdan +1...+6 gradus aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagynyň mukdarynyň 0,1-14,0 mm bolmagyna garaşylýar.