Düýn — 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyşyna ak pata berendigi üçin döwlet Baştutanymyza ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Şondan soň Baş prokuror B.Muhamedowyň ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda görlen çäreler baradaky hasabaty diňlendi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, ýurdumyzda kanun bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministr Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň, Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 2 sany 4 gatly, 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin 4 gatly, 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigi hakynda hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýewiň hasabaty kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, hususan-da, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada boldy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, N.Atagaraýewi başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä D.Meredowy belledi.
D.Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, hususan-da, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda Gullugyň düzüminde täze serhet galasynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň hasabaty ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň başyndan häzire çenli alnyp barlan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň gullugyň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada boldy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam ediljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.