Türkmenistan we «Huawei» sanly bilim we IT işgärlerini taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

MilliInfo

3 sagat öň

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen «Huawei» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sanly bilim, emeli aň, maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar öň bellenen hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, şol sanda emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky başlangyçlaryň möhümdigini tassykladylar. «Huawei ICT Academy» maksatnamasynyň çäklerinde okuw, sertifikasiýa we tejribe mümkinçilikleriniň giňeldilmegi aýratyn bellenildi. Bu ulgam başlangyç, hünär (professional) we bilermen (ekspert) derejelerinde halkara derejesinde ykrar edilýän bilimleri we başarnyklary üpjün edýär.

Duşuşygyň netijesinde aşakdaky ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy:

  • Halkara derejesinde ykrar edilýän sertifikatlary almak üçin synagy tabşyrmaga ygtyýar berýän wauçerleri ýokary okuw mekdeplerine bermek mümkinçiligini öwrenmek;

  • «Huawei ICT Academy» babatda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak;

  • Emeli aň boýunça öňdebaryjy okuw materiallaryny türkmen diline terjime etmek;

  • Bilim maksatnamalaryny zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek;

  • «Huawei ICT Academy» tarapyndan hödürlenilýän öňdebaryjy okuw kurslaryny ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ulanmak meselesini öwrenmek.

Şeýle hem halkara bäsleşiklere gatnaşmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we amaly ädimlere geçmek barada ylalaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info