«Huawei» 1-nji iýunda täzeliklerini hödürlär

MilliInfo

12 Maý, 2026

«Huawei» 1-nji iýunda täzeliklerini hödürlär

«Huawei» kompaniýasy 1-nji iýunda Hytaýda täzeliklerini tanyşdyryş çäresini geçirip, onda dizaýny we prosessory düýpli özgerdilen täze nesil «Nova» smartfonlaryny hödürlär.

Çaklamalara görä, 1-nji iýundaky tanyşdyrylyşyň esasy gahrymany «Huawei» kompaniýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýörite smartfon bolup biler. Belki, gürrüň «Nova 16» seriýasy baradadyr.

Mundan ozal, «Nova 16» seriýasynyň gabarasynyň reňk öwüşginleriniň (gradiýentleriniň) «Pura 90 Pro» stilini ýatladjakdygy habar berlipdi. Şeýle hem, smartfonlaryň düzüminiň täzeden gözden geçirilendigi aýdylýar: «Ultra» nusgasynyň ýerine «Pro Max» görnüşi peýda bolup biler. Şunda esasy model ak, gök we bir gradiýent reňkde hödürlener; «Pro» modeli gara we gradiýent gabaraly giňişleýin reňk palitrasyna eýe bolar, «Pro Max» bolsa diňe nusgawy reňkler bilen çäklener.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info