Hujanddan medallar çemeni: Türkmen uşuçylary Merkezi Aziýanyň Kubogynyň 14 medalyny eýelediler

MilliInfo

Türkmen ýygyndysy 9-10-njy maý aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen uşu Merkezi Aziýanyň Kubogynda uly üstünlige eýe boldy. Ýaryşa 5 döwletden bolan türgenleriň 500-den gowragy gatnaşdy.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Kubogynyň 14 medalyna eýe boldy. Şolaryň 11-si altyn, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr.

Altyn medallara eýe bolan türgenlerimiz:

  • Garajaýew Tirkişgeldi (70 kg)

  • Öwezgeldiýew Hezret (65 kg)

  • Azimowa Oguldursun (52 kg)

  • Akmuhammedowa Bibimerýem (56 kg)

  • Joraýewa Merjen (60 kg)

  • Halymowa Oguljahan (65 kg)

  • Atamuradowa Nurana (70 kg)

  • Nuraýewa Ogulmerjen (75 kg)

  • Annamyradow Baýrammyrat (60 kg)

  • Şeraliýew Şahruh (56 kg)

  • Hommadow Tejen (+100 kg)

Bürünç medallara eýe bolan ildeşlerimiz:

  • Çolukow Eziz (80 kg)

  • Baýramalyýew Hanmuhammet (70 kg)

  • Batyrow Wekilhan (65 kg)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info