Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine hünärmen we bakalawr maksatnamalaryna 15 müň 917, magistr maksatnamasyna 710 talyp kabul edildi

MilliInfo

1 Sentýabr, 2025

Şu gün — 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni giňden bellenilýär. Möhüm sene Türkmenistanda ýaş nesil üçin bilim mümkinçilikleriniň has-da kämilleşdirilýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Bu hakykat ýaşlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmekde durmuşa geçirilýän netijeli işlerde hem aýdyň şöhlelenýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşi ýaly, 2025-nji ýyl­da ýurdumyzyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne hü­när­men we ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça 15 müň 917 we ma­gistr mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça 710, or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne 10 müň 692 ta­lyp ka­bul edil­di.

Elbetde, bu sanlar Watanymyzda bilim ulgamynyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezýär. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­tiniň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ýa­na­şyk çäk­le­rin­de goş­ma­ça okuw bi­na­synyň, umu­my­ ýa­şa­ýyş ja­ýynyň, sport des­ga­synyň, şeý­le hem ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze or­ta mek­dep­ler­dir ça­ga­lar bag­la­ry­nyň bir­nä­çe­siniň da­ba­ra­ly açylmagy bolsa bilim ulgamynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyndan nyşandyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo