Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda, pensiýa gatançlaryny töleýji hökmünde öz ýerleşýän ýerleriňizdäki pensiýa gaznasynyň edarasynda hasaba durmagyňyzy hem-de 23-nji maddasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň birinji ýarymy üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.
Gazna şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda pensiýa gatançlarynyň tölenilmelidigini ýatladýar.
