3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygy hem-de Hyrat welaýatynyň Sport we bedenterbiýe müdirligi tarapyndan Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly hem-de Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi» ugry boýunça welosiped ýörişi guraldy. Ýöriş «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirildi.
Bu sport çäresine Hyrat welaýatynyň welosipedçileri, ýerli häkimiýet edaralarynyň agzalary, Hyratdaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Welosiped ýörişine gatnaşanlara Baş konsullyk tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.