Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza talaplaryny ýeňilleşdirýär

MilliInfo

2 sagat öň

Dürli maksatlar bilen Hytaýda bolmak isleýän Türkmenistanyň raýatlary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli barmak yzlaryny tabşyrmazdan, wiza alyp bilerler.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly,  2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli 180 güne çenli berilýän gysga möhletli wizalara ýüz tutýan ähli arza berijiler biometrik maglumatlary, şol sanda barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýar.

Hytaýa baranyndan soň ýaşaýyş rugsadyny almak göz öňünde tutulýan D, J1, Q1, S1, X1 we Z derejeli wizalary almak boýunça ýüztutmalarda bolsa barmak yzlaryny tabşyrmak talaby ozalkysy ýaly saklanyp galar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info