Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň alymlary suw, himiýa ýa-da ep-esli energiýa harçlamazdan, öz-özüni arassalaýan aýna döretmegi başardylar. Ol bary-ýogy birnäçe sekuntda 98% tozany aýyrmaga ukyplydyr.
Bary-ýogy 0,62 mm galyňlykdaky aýnada diýseň inçejik elektrodlar ýerleşdirildi. Şunlukda, olara üýtgeýän elektrik energiýasy geçirilende tozan bölejiklerini aýnanyň ýüzünden yzyna gaýtarýan elektrik meýdany emele gelýär. Käbir bölejikler bolsa diňe elektrostatik güýjüň täsiri bilen «uçup gidýär». Usul organiki we organiki däl hapalara garşy netijeli hasaplanyldy.
Bu aýna diňe bir arassalanman, eýsem gaýtadan hapalanmagyň hem öňüni alýar. Garaz, howada bar bolan bölejikleriň 90%-i aýnanyň ýüzüne düşmänkä daşlaşdyrylýar. Munuň özi tozan ýa-da howanyň hapalanmak derejesi ýokary bolan sebitlerde has-da möhüm zerurlykdyr.
Şunlukda, bu önümiň Gün panellerinde ulanylan ýadaýynda has netijeli boljakdygy bellenildi. Olaryň beýik diňlerde peýdalanylmagy bolsa uly möçberdäki serişdäni tygşytlap biler. Iň esasy zat bolsa şitilhanalarda we «akylly ýyladyşhanalarda ýa-da fermalarda ulanylan ýagdaýynda bu aýnalaryň durulygy gazanmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy tassyklanylýar.
Täze oýlap tapyşda elektrodlar we gorag örtügi bilen üpjün etmek ýaly adaty senagat mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Munuň özi şeýle aýnany köpçülikleýin önümçilige goýbermäge şert döreder. Şunlukda, onuň täjirçilik nusgalarynyň 2026-njy ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar.