Şu günden — 1-nji oktýabrdan Hytaý Halk Respublikasynda täze «K» görnüşli wiza işe girizilýär. Ol daşary ýurtly ýaş alymlar we ýokary tehnologiýalar bilen meşgullanýan hünärmenler üçin niýetlenendir.
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili Go Szýakunýanyň bellemegine görä, täze wiza ýaş alymlaryň arasynda ýokary tehnologiýalar boýunça hünärmenleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Adaty wizalaryň 12-sinden hem tapawutlylykda, «K» wiza derejesi has köp gielip gitmek hukugyny, uzaldylan hereket möhletini hem-de uzak wagt galmak mümkinçiligini döreder.
Bu wizanyň eýeleriniň öňünde bilim, medeniýet we ylmy-tehniki programmalara gatnaşmak, şeýle hem işewürlik taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçiligi açylýar. Ony almak üçin bilim we professional tejribe, şeýle hem ýaş boýunça talaplar toplumy hereket eder. Hytaý tarapyndan çakylygyň ýollanmagy taplap edilmeýär we wizany resmileşdirmek işi ýönekeýleşdirilen görnüşde hödülenilmeýär.
Täze wiza türkmen ýaşlary üçin bilim almakda, bilelikdäki taslamalara gatnaşmakda we halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda täze mümkinçilikleri açar.

