Hytaýyň tehnologiki merkezlerinden biri bolan Şençžen şäherinde özboluşly taslama başlandy: «7-Eleven» dükanynda pingwin-robotlar metro ulgamy arkaly sargyt edilen harytlary eltip bermäge başladylar. Taslama 2025-nji ýylyň iýul aýyndan başlandy we awtonom robotlar logistika üçin jemgyýetçilik ulaglaryny ulanmagyň dünýäde ilkinji mysaly boldy.
Şunlukda, «VX Logistic» kompaniýasy («Vanke Group» kärhanasynyň mirasdüşeri) «Shenzhen Metro» degişli bolan awtonom eltip beriş robotlaryny metro stansiýalarynda ýerleşýän 100-den gowrak dükanda ornaşdyrdy.
Şunlukda, robotlaryň özüne çekijiligi sebäpli, metrolarda gezelenç etmek ýolagçylar üçin gyzykly güýmenjä öwrüldi. Adamlar olary surata düşürýärler, sosial ulgamlarda wideolary paýlaşýarlar, çagalar we garry ýolagçylar bolsa köplenç bu maşynlar bilen aragatnaşyk saklaýarlar we dostlukly ýoldaş hökmünde kabul edýärler. Bu jemgyýetçilik giňişliginde tehnologiýa barada oňyn düşünje döredýär.
Taslama şäheriň 2025-nji ýylyň mart aýynda başlanan ägirt uly «Embodied Intelligent Robot Action» meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu meýilnama 2027-nji ýyla çenli hyzmat we senagat robotlarynyň ulanylyşyny ep-esli giňeltmegi maksat edinýär. 1600-den gowrak robot kompaniýasynyň binýady bolan Şençžen gündelik durmuşyna awtomatizasiýany goşmak bilen, bu ugurda dünýäniň liderini gazanmagy maksat edinýär.
Hytaýda robotlar güýmenje üçin hem işjeň ulanylýar. Mysal üçin, Hytaý ýakynda dünýäde ilkinji robotlaryň boks ýaryşyny geçirdi.