«Hyundai» täze krossowerini hödürledi

MilliInfo

28 Awgust, 2026

«Hyundai» täze krossowerini hödürledi

«Hyundai» Koreýa Respublikasynyň içerki bazarynda 2027-nji ýyl üçin täzelenen «Palisade» modelini tanyşdyrdy. Flagman krossower giňeldilen standart enjamlaşdyryşyna we birnäçe täze görnüşlere, şol sanda üçegi 240 mm beýik bolan üýtgeşik «High Roof» nusgasyna eýe boldy.

Üçegiň belentliginiň artdyrylmagy netijesinde «Hyundai» ýolagçylaryň kellesiniň üstündäki boşlugyny ep-esli giňeltdi. «High Roof» görnüşiniň umumy beýikligi 2 metr 5 santimetre deňdir — öndüriji adaty ýerasty awtoduralgalardan peýdalanmak mümkinçiligini saklap galmaga çalyşdy. Daşyndan bu nusgany gabaranyň reňkine boýalan we alýumin goşundylary bolan beýik üçegi, penjireleriň gara kanti hem-de 21 dýuýmlyk tigirleri arkaly tapawutlandyryp bolýar.

Içerki bezeginde «High Roof» has köp adamlyk nusga (VIP mikroawtobusa) meňzeýär. Potologa howa çalşyjy deşikler, okamak üçin süýşürilýän çyralar, aýratyn howa-dolandyryş ulgamy we 21,4 dýuýmlyk dynç alyş ekrany oturdyldy. Şeýle hem ýyldyzly asmanyň şekilini döredýän «Starry Sky» bezeg yşygy göz öňünde tutulypdyr.

Goşmaça saýlanylýan «VIP Package 2» toplumy ikinji hataryň ýolagçylary üçin iki sany simsiz zarýad beriji we howa arassalaýjy bolan merkezi konsoly goşýar. Bulgur goýulýan bölek (stakan goýulýan ýerler) içgileriň bellenen gyzgynlygyny saklap bilýär. «Palisade High Roof» üç hatarly oturgyçlar we ýedi ýa-da dokuz orunlyk görnüşlerde hödürlenýär.

Benzinli 2,5 litrlik turbomotor 277 at güýjüni öndürýär we 8 basgançakly awtomatiki berilişler gutusy bilen işleýär.

Koreýa Respublikasynda täzelenen «Hyundai Palisade» ulagynyň bahasy 44,78 million wondan (takmynan 32 400 dollar) başlaýar. Iň gymmat görnüşi — ýedi orunlyk gibrid «Palisade High Roof» 81,59 million won (takmynan 59 müň dollar) bahalandyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info