«Barselonanyň» ýaş ýyldyzy «Galatasaraý» bilen geçirilen duşuşykda ýene-de öz ussatlygy bilen futbol janköýerleriniň ünsüni çekdi. Duşuşyk Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde 14-nji oktýabra geçilýän gije geçirildi. Ýamalyň garşydaş toparyň goragçysynyň garşysyna ýerine ýetiren täsirli fintiniň wideosy sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.
Ýöne Ýamal diňe bir owadan hereketi bilen çäklenmedi: ol iki ýardam pasyny hem berdi. «Barselona» garşydaşynyň geçiren golundan soň hasaby öwürmegi başaryp, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşygyň iň gowy futbolçysy (MVP) hem Lamin Ýamal boldy.
Futbolçy duşuşykdan soňky söhbetdeşliginde oýnuň aňsat bolmandygyny belläp, «Galatasaraýyň» stadionynda çykyş etmegiň örän kyndygyny aýtdy.
«Biz bu stadionda oýnamagyň örän kyndygyny, onuň futbol oýnamak üçin iň kyn ýerleriň biridigini bilýärdik. Geýim çalşylýan otagda hem bu barada, garşydaş toparyň nähili güýçli basgy guraýandygyny we janköýerleriň nähili derejede goldaw berýändigi hakynda gürrüň etdik. Ýeňiş gazanandygymyza örän şat. Bu ýokary derejeli topar» diýip, «Barselonanyň» hüjümçisi Ýamal belledi.
