Ýaponiýanyň 20-nji «MANGA» halkara bäsleşigine ýüztutmalar kabul edilýär

MilliInfo

2 sagat öň

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi 20-nji, ýagny ýubileý «Japan International MANGA Award» bäsleşigi üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Döredijilik işleri 2026-njy ýylyň 15-nji apreli — 30-njy iýuny aralygynda kabul edilýär.

Bäsleşige Ýaponiýanyň raýaty bolmadyk awtorlar bilen bir hatarda, manga döredijiligi bilen gyzyklanýan türkmenistanlylar hem gatnaşyp bilerler. Bäsleşik 2007-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär we ýapon medeniýetini daşary ýurtlarda wagyz etmäge, şeýle hem halkara medeni alyş-çalşygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu ýyl 2023–2026-njy ýyllar aralygynda döredilen we azyndan 16 sahypadan ybarat işler kabul edilýär. Gatnaşyjylar neşir edilen ýa-da edilmedik eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Işler islendik dilde PDF formatynda kabul edilýär.

Ýeňijilere üç derejeli sylaglar — altyn, kümüş we bürünç medallar garaşýar. Altyn we kümüş baýraklaryň eýeleri diplomlar hem kuboklar bilen sylaglanar, şeýle hem 2027-nji ýylyň fewral–mart aýlarynda Tokio şäherinde geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýa çagyrylar. Bürünç baýrak we ýörite höweslendiriş baýraklarynyň eýeleri diplomlar bilen sylaglanar.

Ýüztutmalar bäsleşigiň resmi web sahypasyndaky onlaýn forma arkaly iberilýär. Hasaba alnansoň gatnaşyjylara Ýaponiýanyň ilçihanasy ýa-da konsullygy arkaly işlerini ýüklemek üçin baglanyşyk berilýär.

Guramaçylar emeli intellekt esasynda döredilen işleriň bäsleşige kabul edilmeýändigini belleýärler. Emeli intellekti bölekleýin ulanylmagyna rugsat berilýär, ýöne bu hökman ýüztutmada görkezilmelidir.

Gatnaşmak isleýänler goşmaça maglumat almak üçin Ýaponiýanyň ilçihanasyna ýa-da iň ýakyn konsullygyna ýüz tutmalydyrlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info