Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurtly talyplar üçin 2027-nji ýyl boýunça «MEXT» döwlet talyp haky maksatnamalaryna ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi. Bu mümkinçilik dürli dalaşgärler toparlary üçin elýeterlidir. Şeýle hem dalaşgärler «Talyp-gözlegçi», «Talyp» (bakalawr derejesi), «Tehnologik kollejiň talyby» we «Ýöriteleşdirilen okuw kollejiniň talyby» ýaly maksatnamalar boýunça synaglara gatnaşyp bilerler.
Türkmenistanyň raýatlary Ýaponiýanyň ilçihanasy arkaly ýüz tutup bilerler. Resminamalaryň kabul edilmegi 1-nji maýdan 26-njy maý aralygynda amala aşyrylar.
«MEXT» maksatnamasy okuw çykdajylaryny ýapýar we talyplara Ýaponiýanyň halkara standartlaryna laýyk gelýän öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilik berýär.
Gatnaşmagyň şertleri we zerur resminamalar barada jikme-jik maglumat Ýaponiýanyň ilçihanasynyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir.
Bu maksatnama zehinli ýaşlary goldamaga we halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.