Türkmenistanyň Döwlet sirki 14-nji iýunda sagat 18:00-da sirk çykyşyny guraýar.
Çäräniň maksatnamasyna dürli sirk görkezişleri, artistleriň haýran galdyrýan täze çykyşlary we dürli haýwanlaryň gatnaşmagyndaky oýunlar girýär. Şowhunyň iň täsirli pursatlary bolsa meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, «Türkmen ýigitleri» toparynyň, şeýle hem «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlary toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary bolar.
Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi saýtyndan onlaýn tertibinde satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95, 36-10-34.
