Türgenleriň joşgunly ýörişi, meşhur ýyldyzlaryň çykyşlary we alawyň ýakylmagy: Italiýada Olimpiýa oýunlary — 2026 başlandy.

MilliInfo

16 sagat öň

XXV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Milanda geçirildi. Olimpiýa oýunlarynyň bäsleşikleri iki şäherde ýaýbaňlandyrylar: Milan we Kortina d'Ampesso.

Açylyş dabarasynyň esasy geçirilýän ýeri Milan şäheri boldy, ýöne baýramçylyk çäreleri başga-da üç ýerde hem ýaýbaňlandyryldy: Predasso, Liwinýo we Kortina d'Ampesso.

Ilkinji gezek Olimpiýa alawy iki ýerde ýakyldy: biri Milandaky Parahatçylyk derwezesinde, beýlekisi bolsa Kortina d'Ampessodaky Anjelo Dibona meýdançasynda.

Kortina d'Ampesso Olimpiýa oýunlaryny ikinji gezek geçirýär. Ähmiýetli sport baýramçylygy birinji gezek bu şäherde 1956-njy ýylda geçirilipdi. Munuň özi Italiýada geçýän üçünji gyşky Olimpiýa oýunlarydyr. Turin bu ýaryşy 2006-njy ýylda kabul etdi.

XXV gyşky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 16 ugry boýunça bäsleşikler guralar. Şunlukda, medallar toplumynyň 116-sy kesgitlenen ýeňijilere gowşurylar.

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň «San Siro» stadionynda geçirilen açylyş dabarasynda bäş gezek «Gremmi» baýragynyň eýesi Meraýýa Keri, «Altyn globus» baýragynyň eýesi Laura Pauzini, belli aktrisa Şarliz Teron, meşhur tenor Andrea Boçelli, repçi Gali, pianinoçy Lang Lang we beýleki medeniýet ýyldyzlar çykyş etdiler.

Bäsleşige 93 ýurtdan 3000 töweregi türgen gatnaşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info