Germaniýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy Roždestwo ýarmarkasyna çagyrýar

MilliInfo

3 Dekabr, 2025

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy aşgabatlylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryny 7-nji dekabrda «Berk» kafesiniň çäginde geçiriljek Roždestwo ýarmarkasyna çagyrýar.

Myhmanlara janly aýdym-sazlar, ussatlyk sapaklary, interaktiw we güýmenje, art-bazar, şeýle hem Roždestwonyň tagamlary we içgileri hödürlener.

Çäräniň geçirilýän wagty 14:00-dan 17:00-a çenli bolar. Giriş erkin (tölegsiz) ýagdaýda bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo