«Perwana Optika» dükanynda görüşi oňaýly we netijeli düzetmek üçin niýetlenen döwrebap kontakt linzalarynyň giň görnüşleri hödürlenilýär. Görnüşleriň toplumynda dürli usulda dakynmak tertibi we dioptriýalaryň giň nusgalary bolan gidrogel hem-de silikon-gidrogel modelleri bar.
Meşhur modelleriň biri hem «Polyvue HD2» kontakt linzalarydyr. Bular gündizine dakynmak we her 1–3 aýdan bir gezek çalyşmak üçin niýetlenen ýumşak gidrogel linzalar bolup durýar. Asferiki dizaýny linzanyň gözüň görejine takyk oturmagyny we şekiliň ýokary durylygyny üpjün edýär. Gidrofil ýüzüniň kömegi bilen linzalar gün boýunça nemli galýar we gözüň guramagynyň öňüni almaga täsirini ýetirýär. Dioptriýa diapozony — -0,5-den -20,0-a çenli.
Şeýle hem dükanda «Morning Q Ultra Soo 55» linzalary hödürlenilýär. Bular gündizine we uzakmöhletleýin dakynmak üçin niýetlenip, düzüminde 55% suw saklaýan gidrogel linzalarydyr. Onuň asferiki dizaýny ýalpyldylary we şekiliň bulaşyklygyny azaltmaga täsirini ýetirip, has dury görüşi üpjün edýär. Modeliň aýratynlygy düzüminde natriý gialuronatynyň (tebigy nemlendiriji komponent) bolmagydyr. Ol linzada çyglylygy saklaýar we günüň ahyryna çenli gözüň guramagyna ýol bermeýär. Linzalar -0,75-den -15,0-a çenli we +1,0-den +5,0-a çenli dioptriýa diapozonynda elýeterlidir.
Kislorod geçirijiliginiň ýokary bolmagyna ähmiýet berýän ulanyjylar üçin O2O2 linzalary hödürlenilýär. Bular «Interojo» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän üçünji nesliň döwrebap silikon-gidrogel linzalarydyr. Olar kislorodyň 98–100 %-ine çenli geçirýär (Dk/t 100), bu bolsa gözüň gyzarmak we görejiň gipoksiýa (kislorod ýetmezçiligi) töwekgelçiligini azaldýar. Bu linzalary gündizine ýa-da hünärmeniň maslahaty bilen 7 güne çenli yzygiderli dakynmak bolýar. Önümiň asferiki optikasy ýokary durylygy, nemlendiriji komponentleri bolsa gün boýunça rahatlygy üpjün edýär. Dioptriýa diapozony — -0,75-den -12,0-a çenli we +1,0-den +5,0-a çenli.
Mundan başga-da, dükanda «Morning Q 55 UV» linzalary bar. Bular 55% suwlylygy we düzüminde ýörite UV-süzgüji bolan ýumşak gidrogel kontakt linzalarydyr. Asferiki dizaýny ýalpyldylary we optiki ýoýulmalary azaldyp, durnukly görüşi üpjün edýär. Linzalar her aý çalşylmak şerti bilen gündizine dakynmak üçin niýetlenendir we ýeňil uýgunlaşmagynyň hasabyna täze peýdalanyp başlan ulanyjylar üçin hem örän amatlydyr. Açyk gök öwüşgini bolsa linzalary ulanmagy ýeňilleşdirýär. Dioptriýa diapozony — -0,5-den -20,0-a çenli we +1,0-den +5,0-a çenli.
Şeýlelikde, «Perwana Optika» dükanynda görüşiňiziň aýratynlyklaryna we özüňiz üçin amatly dakynmak tertibine görä kontakt linzalaryny saýlap bilersiňiz.
Sargyt boýunça aýratyn kontakt linzalary
Eger gözüňiziň özboluşly aýratynlyklary (ölçegi, egriligi we formasy) sebäpli adaty linzalar size gabat gelmeýän bolsa, onda biz aýratyn sargytlary kabul edýäris. Olar ýörite siziň gözüňiz üçin ýasalyp, maksimal oňaýlylygy, dury görüşi we howpsuzlygy üpjün edýär.
Aýratyn linzalar kime niýetlenen:
Standart däl diametrli gözleri bolanlara (mysal üçin: 13.8, 14.0, 15.0 mm we ş.m.);
Sag we çep gözüň ölçegleri biri-birinden tapawutlanýanlara;
Käbir keselleri bolan taraplara (keratokonus, ýokary derejeli astigmatizm);
Adaty linzalarda oňaýsyzlyk duýýanlara.
Ähli soraglar we sargytlar üçin jaň ediň: 41-40-42
Instagram: @perwana_optika
Tik Tok: @perwana_optika_tm
Salgysy: A.Nyýazow şaýoly (14-nji tapgyr), «Ýaşyl Ýaýla» binasy