Kaliforniýadaky Stenford uniwersitetiniň alymlary beden agzalarynyň ysmazlygyndan ejir çekýän adamlaryň içki pikirlerine (öz-özi bilen içinden gürrüň etmegine) düşünip bilýän we ony seslendirmäge ukyply ilkinji beýni implantatyny işläp düzdüler. Mundan ozal sözleýiş ukybyny dikeltmegiň usuly näsagyň gürlemäge synanyşan wagtynda beýniniň hereket merkezi (motor korteksi) arkaly çykýan tolkunlary tutmaga esaslanýardy. Täze tehnologiýa bolsa şeýle güýçli synanyşyklara mätäçligi aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
— Bize ilkinji gezek beýniniň diňe geplemek hakda pikir edilýän wagtyndaky işjeňligini anyk bellige almak başartdy — diýip, «Cell» žurnalynda çap edilen ylmy makalanyň awtory Erin Kuns belledi.
Derňew işlerine diňe gözleriniň kömegi bilen aragatnaşyk saklap bilýän dört adam gatnaşdy. Olaryň beýnisiniň hereket merkezine elektrodlar oturdyldy, emeli intellektiň ýöriteleşdirilen modelleri bolsa fonemalara laýyk gelýän neýron täsirlerini tanap, taýýar sözlemleri düzdi.
Hakyky wagtynda düşünmegiň takyklygy 74 %-e ýetdi. Bu bolsa geljekde şeýle ulgamlaryň diňe pikirleriň kömegi bilen hem giňişleýin we arassa gepleýşi dikeltmäge mümkinçilik berjekdigini görkezýär.