«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

6 sagat öň

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatçylar we ýardamçylar bolup çykyş etmeginde Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan geçirilýär.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyga esaslanan daşary-syýasy strategiýasynyň hem-de diplomatiýasynyň sebit hyzmatdaşlygyna, şeýle-de has giň çäklerdäki halkara gatnaşyklarynyň oňyn ösmegine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýän bäsleşik bu babatda täze çemeleşmeleri seljermekde hem möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem magistrantlary gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdepden gatnaşyjylaryň sany 1-5 aralygynda bolup biler. Ol gatnaşyjylara 1 mugallym ýa-da hünärmen ýolbaşçylyk edýär. Zerur bolanda gatnaşyjylar ýolbaşçysyz hem bäsleşige gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryndan okadylýan köpsanly dersleriň soraglaryndan we häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň giň spektri boýunça meseleleriniň soraglaryndan düzülen 100 soragdan ybarat teste jogap bermek görnüşinde geçiriler. Ol test syýasy, taryhy, medeni, takyk ugurlardaky dersleriň materiallaryndan, halkara guramalary, halkara we döwletara gatnaşyklary, durnukly ösüş maksatlary, halkara dialogy, ekologiýa, klimatyň üýtgemegi ýaly halkara meselelerine bagyşlanan soraglardan we ş.m. düzüler. Bäsleşigiň soraglaryny düzmek, saýlap almak hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.

Çärelere gatnaşmak, guramaçylyk meseleleri, dürli beýleki meseleler boýunça ýüz tutmak üçin salgylar:

Akmuradow Rahym, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, +99364131313, rahimakmuradov7@gmail.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info