Golaýda Pälwan Halmyradowyň «Iki dünýäniň soltany» atly şekilli aýdymynyň (klipiniň) sosial platformalarda ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň aýdym-saz söýüjileri üçin ajaýyp sowgat boldy.
Täçmämmet Mämmetweliýewiň režissýorlyk etmeginde düşürilen klipde millilige ähmiýet berilmegi onuň täsirliligini artdyrýar. Şekillerde meşhur aýdymçy Pälwan Halmyradow türkmen milli elýaka köýneginde, gyrmyzy donunda hem-de milli tahýasynda ýa-da silkme telpeginde peýda bolýar. Täsirli senariýede aýdymçy halkymyzyň taryhynyň dürli döwürlerine aralaşýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de egri gylyçly türkmen ýigidiniň we beýleki şahsyýetleriň kämil şekilde görkezilmegi režissýoryň ussatlygyndan habar berýär.
Onuň türkmen topragynyň ajaýyp sebitinde düşürilmegi kilipiň taýýarlanylmagy bilen, Watanymyzyň syýahatçylaryň üns merkezinden ornuny tapýan ajaýyp künjeginiň täsinligini görkezmekde hem möhüm wezipä ýetilendigini tassyklaýar.
Pursatlary şekillere geçirmekde zehinli operator T.Atadurdyýewiň tagallasy uludyr. Parahat Arrykow we Wepa Tuwakjanow bolsa klipiň guraýjylarydyr. Mundan başga-da, şekilli aýdymda Hydyrberdi Hydyrow, Rejep Nazgorbanow hem-de Parahat Elýasow ýaly artistler çykyş etdiler.
Milli ýugrulan klip sosial platformalarda ýerleşdirilen gününden aýdym-saz muşdaklary tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy.
Klipe «You-Tube» platformasyndan tomaşa edip bilersiňiz.