Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Arazberdiýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşige internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana hem-de kuboga mynasyp boldy.
Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiň eminler topary Aýlar Arazberdiýewanyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryny ykrar edýändiklerini tassykladylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleriniň «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen halkara kitap ýygyndysyna giriziljekdigini bellemek gerek. Bu halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi zehinli ildeşimiz Aýlar Arazberdiýewany GDA-nyň iň gowy talyplarynyň hataryna goşdy.
Bu üstünlik ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň dünýägaraýşy, ýokary bilim derejesi, döredijilik ukyby we halkara ölçeglere laýyk taýýarlygy bilen dünýäniň bilim giňişliginde mümkinçiliklerini görkezmegi başarýandyklaryny subut etdi.
Biz Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýlar Arazberdiýewany abraýly bäsleşikde gazanan uly üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.