Häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamlarynda gazanylýan halkara üstünlikler ýurdumyzyň ýaşlarynyň mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş bölüminiň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýewiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň meýilnamasynyň çäginde geçirilen halkara bäsleşikde «GDA-nyň iň gowy mugallymy» we «Lexical Characteristics of Interpretation of proverbs on Medicine and health to foreign languages» atly ylmy işi bilen «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen hormatly atlara mynasyp bolmagy hem bu hakykatyň subutnamasyna öwrüldi.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýän «Bilim-orkenieti» milli innowasion ylmy-barlag merkeziniň we «Žana Gazagystan» Respublikan innowasion merkeziniň guramagynda geçirilen bu bäsleşik GDA agza ýurtlaryň arasynda iň zehinli, döredijilikli we ylma höwesli mugallymlary hem-de ýaş alymlary ýüze çykarmagy maksat edinýär. Nowruz Myratdurdyýew hem özüniň ylmy-pedagogik ukyby, döwrebap okatmak usullary we ylymda bitiren işleri bilen tapawutlanyp, halkara derejesindäki eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Nowruz Myratdurdyýewiň bu halkara üstünligi türkmen ýaşlarynyň we bilim işgärleriniň lukmançylyk boýunça nusgalyk işleri bilen dünýä çykýandyklaryny tassyklady. Bu üstünlik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.
N.Myratdurdyýew bäsleşigiň netijeleri boýunça ýörite I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan we halkara şahadatnama bilen sylaglandy.
Biz hem Nowruz Myratdurdyýewi ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa geljekde-de ylym-bilim äleminde täze hem has uly ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.