Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewden gelip gowşan hatlarda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly çözgüdi goldandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirilýär.
— Azerbaýjan umumy taryh, din we medeni kökler baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen okgunly ösüş häsiýetine eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we onuň gerimini giňeltmäge hemişe aýratyn ähmiýet berýär. Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda bu formata Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly çözgüdi goldandygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin. Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk häsiýetini ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn — diýip, Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna ýollan hatynda belleýär.
Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, umuman, tutuş sebitiň bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna, halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny tassyklaýar.
— Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejeli döwletara gatnaşyklar hemişe sebitimiziň gülläp ösüşine hyzmat eder. Iýul aýynda Siziň Azerbaýjana we Garabag sebitine amala aşyran saparyňyz, oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagyňyz, meniň awgust aýynda Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurduňyza amala aşyran saparym doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ösüşine berýän ünsüňiziň subutnamasydyr.
Siziň başlangyjyňyz bilen Fizuli şäherinde düýbi tutulan metjit halklarymyzyň doganlygynyň we raýdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu başlangyjyňyz hem sebitiň ýaşaýjylary, tutuş azerbaýjan halky tarapyndan çuňňur buýsanç we minnetdarlyk duýgulary bilen garşylanyldy — diýip, Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna ýollan hatynda nygtaýar.
Ol hatynda 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk etjekdigi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýar we ýurdumyza we halkymyza rowaçlyklary arzuw edýär.
— Geljek ýyl Türkmenistanda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Çakylygyňyzy uly höwes bilen kabul edýändigimi beýan edýärin. Doganlyk Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky, umuman, tutuş sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine, onuň täze gözýetimlerini açjakdygyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn — diýip, Preziden Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýollan hatynda belleýär.
