Ilima Guseýnowa — Aziýanyň tennisinde täze ýyldyz

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

Ildeşimiz, ýaş hem-de zehinli tennisçi Ilima Guseýnowa uly tennisdäki ajaýyp üstünlikleri bilen janköýerlerini begendirmegi dowam etdirýär.

Bu gezek Ilima Guseýnowa Aziýanyň 16 ýaşa çenli tennisçi gyzlarynyň reýtinginde öňdäki onluga girdi. Ol bu sanawyň sekizinji basgançagynda ýerleşdi.

Ol Aziýanyň Tennis federasiýasynyň reýtinginde 19 baçgançak öňe süýşmegiň hötdesinden geldi.

Elbetde, bu netije — tötänlik däl. Ildeşimiz iri halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp, dürli derejedäki medallaryň ençemesine eýe boldy. Onuň üstünlikleri yzygiderli türgenleşikleriň, dogry çemeleşmäniň we gözbaşyny çuňlukdan alyp gaýdýan ruhy güýjüň miwesidir.

Biz Ilima Guseýnowanyň ýeňişli menzillerde has uly netijelere ýetmegini arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo