13—18-nji aprel aralygynda Wýetnamyň Binzyong şäheriniň tennis bazasynda geçirilen «ITF J30 Binh Duong» ýaryşynda türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa mynasyp çykyş etmegiň hötdesinden geldi.
Jübütleýin ýaryşda indoneziýaly türgen Assifa Hansa Putri Raga bilen bilelikde çykyş eden ildeşimiz çynlakaý oýun görkezdi.
Birinji set 6:4 hasaby bilen Guseýnowa/Raga jübütiniň peýdasyna tamamlandy. Ikinji tapgyrda bolsa garşydaşlar oýny öz ellerine almagy başardylar we 6:4 hasabynda utup, umumy hasaby deňlediler. Duşuşygyň ykbaly taý-breýkde çözüldi. Onda has tejribeli jübüt takyk oýnap, 10:6 hasaby bilen ýeňiş gazandy.
Has güýçli topardan asgyn gelendigine garamazdan, bu çykyş Ilima Guseýnowa üçin ýene-de bir gymmatly halkara tejribesi boldy. Türgen yzygiderli ITF ýaryşlaryna gatnaşmagyny we bäsleşige ukyply oýun derejesini görkezmegini dowam etdirýär.
Ilima Guseýnowa tälimçiler — Uma Kurbanowna Hümmetowanyň we Aleksandr Walerýewiç Şleýkiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.