15-nji iýuna geçilýän gije ABŞ-nyň iň meşhur binasynyň — Ak tamyň çäginde taryhy «UFC White House — Freedom 250» ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk ugrundaky söweş bolup, onda Iliýa Topuriýa wagtlaýyn guşagyň eýesi Jastin Getji bilen duşuşar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan tutluşygyň Aşgabat wagty bilen 05:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Ak tamda geçiriljek ýaryş agşamy möhüm duşuşyklara diýseň baý bolar. Onuň ikinji esasy duşuşygynda Aleks Pereýra eýýäm üçünji agram derejesinde çempionlyk guşagyna ýetmäge synanyşar. Braziliýaly türgen agyr agramda wagtlaýyn guşak ugrunda Siril Gan bilen söweşer.
Mundan başga-da, ýaryş agşamynda Şon O’Melli, Maýkl Çendler, Derrik Lýuis we «UFC-niň» beýleki birnäçe ýyldyzlary çykyş ederler.
