Ilkinji ýeňiş, ilkinji utuklar: «Ahal» myhmançylykda Hindistanyň «Mohun Bagan» toparyny ýeňlişe sezewar etdi

MilliInfo

16 Sentýabr, 2025

Az wagt mundan öň ýurdumyzyň «Ahal» futbol kluby AFK Çempionlar ligasyndaky birinji duşuşygyny jemledi. «C» toparçada çykyş edýän türkmen kluby Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçen oýunda ýerli «Mohun Bagan» toparynyň garşysyna çykdy.

Ýiti hüjümlere baý bolan duşuşykda ildeşlerimiz sazlaşykly oýun görkezmegi başardylar. Şunlukda, birinji ýarym golsuz jemlendi. Ikinji ýarymda bolsa Magtymberdi Berenowyň ornuna oýna giren Enwer Annaýewiň 83-nji minutda derwezä gönükdiren topy türkmen toparyny öňe çykardy — 1:0. Ýer eýeleriniň şondan soňky synanyşyklarynyň ählisi şowsuz tamamlandy.

Şunlukda, «Ahal» AFK Çempionlar ligasy — 2-niň ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy we gymmatly utuklaryň üçüsini hem gazanmak bilen ýaryş tertibiň başynda ornaşmak ugrunda ynamly öňe barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo